Son Eklenen Uçuşlar

Bizi Arayınız

Türkmen howaýollary


"Türkmen howaýollary" Döwlet milli gullugy - Türkmenistanyň milli howaýoly gullugydyr. 1992-nji ýylyň 4-nji maýynda döredildi.

1992-nji ýylda GDA ýurtlarynyň arasynda Türkmenho waýollary ilkinji bolup Boing uçaryny satyn aldy.

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ykdysady, medeni we ylmy aragatnaşyklarynyň ösdügiçe howa transport liniýalaryň seti giňelýär.

Türkmenistan milli awiakompaniýasynyň Ahal, Hazar, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we beýleki aeraportlaryndan howa transporty, goňşy ýurtlaryň paýtagytlary we ýurduň uly şäherleri aralygyna, aýratyn-da ýolagçy daşamakda möhüm işleri ýerine ýetirilýär.

Türkmenistan milli awiakompaniýasy bilen bilelikde Türkiýenyň, Angliýanyn firmalary Aşgabatda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky halkara aerowokzal kompleksini gurdular. Onuň gurluşygynda ABŞ-nyň firmalary hem gatnaşdy. Gurlyşygy 1993-nji ýýlyn 16-njy oktýabrynda başlanan bu Merkezi Aziýa boýunça in uly aerokompleks 1995-nji ýýlyn başynda ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň uçarlar parkynyň hem üsti ýetirildi.

Türkmenistan Howa yollary paytagt Aşgabady Yewropa we Aziya menzillerine baglayar. Onyn ahli halkara uçyşlarynda Boeing uçarlary günbatar okuwly, tejribeli pilotlar ulanyar.

Kod maglumatlary


IATA Kody: T5
ICAO Kody: TUA
Çagyryş: TURKMENISTAN

Halkara Uçuşlary Ýewropa


  • Belarus Minsk
  • Russiýa Moskwa (Domodedovo International Airport) Sankt-Peterburg
  • Türkiýe Stambul (Ataturk International Airport)
  • Germaniýa Frankfurt (Frankfurt International Airport)
  • Beýik Britaniýa Birmingem (Birmingham International Airport) London (Heathrow Airport)
  • Ukraina Kiýew
  • FransiýaPariž


Türkmen howaýollary Stambul Ofisi 
0850 346 85 69
Ücretsiz Çağrı Merkezi 0850 346 85 69